çyrşatmak işlik

  1. Degrip, çalyp hapalatmak.

    • Näme üçin, üzümiň şiresini egin-başyňa çyrşadypsyň?!

  2. Göçme manyda Suwag etdirmek, suwag çaldyrmak.

    • Tamyň ýüzine palçyk çyrşatsaň bolmaýarmy?!

  3. Göçme manyda Hat ýazdyrmak.

    • Aşyr öýde bolan bolsa, bir-iki setir çyrşadyp, ogluma hat iberjekdim.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çyrşatmak - çyrşadýar, çyrşadar, çyrşadypdyr.