çyn sypat

Hakykata dogry gelýän, hakykat.

  • Çyn ýürekdeş mähribanym sen meniň. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Ýalanyň süýjüsinden, çynyň zäheri datly. (nakyl)

çyna berimsiz

Edil çyn ýaly, bir kemsiz, hakyky zat ýaly edilip aýdylýan ýalan söz we ş. m.

  • Onda-da çyna berimsiz gülen boldum. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

gara çyn

Tüýs ýürekden, örän çynlakaý, hakykatdan.