çykmak işlik

  1. Belli bir zadyň içinden saýlanyp aýrylmak, gitmek.

    • Indi bu öýden çykmak armanly ölmekdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar. (nakyl)

  2. Belentlige göterilmek, ýokary galmak.

    • Artyk gurşun ýaly akýan çägäniň belent raýyşyna çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Uçut gaýalaryň ýüzlerinden aýlanyp-dolanyp gidýän ýoda beýik dagyň depesine çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Öz wagtyndan öň peýda bolmak.

    • Ýaz ir çykypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  4. Ýaşaýan ýeriňden göçüp gitmek.

    • Men ol jaýdan çykdym.

  5. Gullukdan, işden aýrylmak.

    • Ol mekdepden çykypdyr.

  6. Öňe saýlanmak, öň tarapa berilmek.

    • Tamyň burçy ileri çykyp dur.

    • Gäminiň burny suwdan çykyp durdy.

  7. Ýaryşdan ozmak, öň gelmek.

    • Saýlawda obanyň aty çykdy.

  8. Äre barmak, durmuşa gitmek.

    • Olaryň gyzy durmuşa çykypdyr.

  9. Emele gelmek, dömmek.

    • Onuň boýnuna çyban çykypdyr.

  10. Belli bir derejä ýetmek, barmak.

    • Bu oýnalýan oýnuň derejesi artyp, ozal bir köpük bolsa, soňabaka bir şaýa, iki şaýa, soň bir apbasa çykdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  11. Göçme manyda Ses gelmek, eşidilmek.

    • Ýene çykdy jaňyň owazy, Enaýy jaňňyrdap çagyrdy bizi. (A. Haýydow, Gök Asman)

    • Gowaçanyň kä ýerinden hümürdi, käbir ýerinden bolsa, çasly gülki çykýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  12. Kömekçi işlik funksiýasyndan gelip, ysnyşyp gelýän işlikleriniň manylary bilen baglanyşykly hereket aňladýar.

    • Üstün çykmak, garşy çykmak.

  13. Kömekçi işlik funksiýasyndan gelip, ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde, gymyldynyň birnäçe gezek gaýtalanýandygyny, bolup gutaranyny görkezýär.

    • Aýdyp çykmak, barlap çykmak, seredip çykmak, görüp çykmak.