çykarylmak işlik

  1. Içinden daşary alnyp çykylmak.

    • Guýa gaçan bedre çykaryldy.

  2. Egninden aýrylmak.

    • Ullakan soldat ädigi bolsa ömür-ha aýakdan çykarylmadyk ýalydy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  3. Gulluk wezipesinden aýrylmak, boşadylmak.

  4. Gyz maşgala gözli-başly edilmek, äre berilmek.

    • Biz oba barmankak gyz çykarlypdyr.

  5. Önüm öndürilmek.

    • Zawoddan çykarylýan önümiň sany az däldi.