çydatmak çy‧dat‧mak işlik

  1. Agyra ýa-da başga bir zada dözdürmek, çydam etdirmek.

    • Dişimi sogurtsam, azary çydadarmy-ka?!

  2. Ýeterlikli etdirmek, bol etdirmek.

    • Oýnaýanyň kart bolsa, oňa pul çydadyp bolarmy?! (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çydatmak - çydadýar, çydadar, çydadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • çydadyp
  • çydatmandyr
  • çydatmazlygy
  • çydatmaýan