çydamak işlik

  1. Agyra ýa-da başga bir zada dözmek, çydam etmek, döz gelmek.

    • Näsag janyma şu bela çydajak boldum. («Tokmak» žurnaly)

    • Pawel hem bedenden akdyryp gany, Çydaýar mert durup, görüpdir käni. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  2. Sabyr etmek, garaşmak.

    • Gowusy çydaýyn, oba barýançam, Ony özüm gözüm bilen görýänçäm. («Sowet Edebiýaty» žurnaly)

  3. Göçme manyda Ýeterlikli bolmak, ýetmek.

    • Bu harç edişiňe pul çydamaz.