çydam at

  1. Agyra ýa-da başga bir zada bolan dözüm.

    • Polatdan, çoýundan berkdir çydamy, Gyzyl dek poslamaz ýoldur-ýolumyz. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Ýürek çydam bermän ajy habara, Ar alyjy gözlerinden ýaş akdy. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  2. Sabyr, takat, karar.

    • Her bir zada çydam gerek.