çyňsatmak işlik

  1. Urulmakdan ýa-da başga bir sebäpden inçejik uzyn ses çykartmak.

    • Ol gapa gelen güjügi urup, çyňsadyp goýberdi.

  2. Gepleşik dili seret aglatmak

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çyňsatmak - çyňsadýar, çyňsadar, çyňsadypdyr.