çuňaltmak işlik

Çuň etmek, çukur etmek.

  • Oýy sekiz metre çenli çuňaltmak gerek. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çuňaltmak - çuňaldýar, çuňaldar, çuňaldypdyr.