çozmak işlik

  1. Hüjüm etdirmek, üstüne dökülmek.

    • Eziz Tejen şäherine Allaýar han bilen bile çozdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Onuň bu gije ýa ertir şähere çozjagy-da şübhesizdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir süri bolup bir ýere eňmek, bir zada topulmak, bosmak.

    • Goýunlar suwa çozdy.

  3. Göçme manyda Köpçilik bolup bir işe girişmek.

    • Üzüme çozýan serçeleri, sarlary sapanladylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem çozmak - çozdum, çozduň, çozupdyr.