çowly sypat

  1. Ujuna çow berlen, burç çykarylan.

    • Ujy çowly taýak.

  2. Inçe uçly, ujy ýiti.

    • Onuň çowly sakgaly-da gyzgyltdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Şahan ol wagt ujy çowly murtundan elini aýyrman, Gözeliň ýüzüne gözüni dikip otyrdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar y çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp u ýazylýar.

Meselem çowly - çowluda, çowlular, çowlusy.