çot

San hasabyny etmek üçin ulanylýan, simlere düzülen tegelejik çöpli dört burç gural.

  • Bir adam çotuny şarkyldadyp, gara başyna gaý bolup oturdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem çot - çotum, çotuň.

biriniň, bir zadyň çotuna

Biriniň ýa-da bir zadyň hasabyna, biriniň puluna.

çot etmek

Hasap etmek, hasaplap görmek, hasaplamak.

  • Ýaňky hasaby ýaňadan hem bir çot etdik weli, dogry çykdy.

çota düşmek

Çykdaja galmak, harjyny tölemek.