çommaltmak işlik

Ýokary galdyrmak, ýokary tutup görkezmek, uzadyp görkezmek, uzatmak.

  • Ýazylyp duran hata barmaklaryny çommaldyp görkezdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Seniň habaryňy çopan alar, entek ýatyber! -- diýip, oňa barmagyny çommaldýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çommaltmak - çommaldýar, çommaldar, çommaldypdyr.