çommalmak işlik

  1. Dyzyňy epip, iki aýagyň üstünde oturmak.

    • Annaguly bir düýp gowaçanyň düýbünde çommaldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Öňe çykyp durmak, sömelip görünmek, ujy çykyp durmak.

    • Topbagyň dodaklary çommalyp durdy. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)