çolamak işlik

  1. Bir zady ikinji bir zadyň arasyna salyp, daşyny örtmek, dolamak.

    • Ony gazetiň arasyna çolady. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

  2. Gundamak.

    • Çagany gundaga çolap, eline aldy.

  3. Daşyna saramak, oramak.

    • Köne geýimini endamyna çolapdyr-da, Soltansöýne jogap beripdir. (Myraly)

    • Erkegiň owsarynyň bagyny boýnuna çolap goýbermek.

diliňe çolamak

seret dil1