çolaşmak işlik

  1. Biri-biriniň içinden geçip bulaşmak (ýüp, sapak hakynda).

    • Maşynyň sapagy çolaşdy.

  2. Daşyna aýlanmak, oralmak.

    • Gowaçalar meniň aýagyma çolaşyp, gürpüldedip ýykýardylar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  3. Göçme manyda Ýaramaz işe garyşmak, erbet işe baş goşmak.

    • Ol bir bolgusyz işe çolaşypdyr.

çoçgara çolaşmak

seret çoçgar