çokmak işlik

  1. Çüňki bilen iýmek.

  2. Çüňki bilen urmak, tutmak, dişlemek (guş hakynda).

    • Eliňden giden elguş gaýdyp seniň penjäňe gonmaz, gonsa-gözüňi çokmak üçin gonar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Garga garganyň gözüni çokmaz. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem çokmak - çokdum, çokduň, çokupdyr.