çogmak 1 işlik

  1. Gaýnap gabyň erňegine çenli ýetmek, gaýnap daşyna dökülmek, joşup daşyna çykmak.

    • Süýt çogdy.

  2. Göçme manyda Joş almak, joşmak.

    • Ýaş ýürekde barha ökde namys çogar ot alyp. (R. Seýidow, Eserler)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem çogmak - çogdum, çogduň, çogupdyr.

çogmak 2

seret çogdam

  • Elimdäki bir çogmak güllerde her haýsysynyň goluna bir gyzyl gül berip, geçip gitdim.


Duş gelýän formalary
  • çogamok
  • çogan
  • çogana
  • çoganlaryň
  • çoganlyga
  • çogany
  • çoganyň
  • çogar
  • çogarly
  • çogdam
  • çogdum
  • çogdumy
  • çogdy
  • çogma
  • çogmagy
  • çogmagynyň
  • çogmak
  • çogmaklygy
  • çogsaň
  • çogup
  • çogýan
  • çogýandyr
  • çogýar
  • çogýardy