çog

[ço:g]

  1. Közüň, şöhläniň we ş. m. ýakyp barýan howry, yssysy.

    • Günüň gündizki çogy biraz sowapdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Günüň çogy artyp başlady. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Dialektal söz seret köz

    • Ojakdaky ojaryň çoguna şara bişirýärdi.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem çog - çogum, çoguň.

aýralyk çogy

seret aýralyk

  • Şol sektuntda belki meniň aýlarym, örtenendir aýralygyň çoguna. (B. Kerbabaýew, Aýlar)