çoýmak işlik

[ço:ýmak]

Oda tutup ýylatmak, gyzdyrmak.

  • Oduň başyna geçdi-de, elini çoýdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Suwdan gelip eliň oda çoýaňda, dyrnagym! -- diýip boýurganyp bökerdiň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda u eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem çoýmak - çoýdum, çoýduň, çoýupdyr.