Ýiti ýarag bilen sähelçe dilmek, çalaja kesmek.
Dömüp çykan ýaranyň üstünden çirtdiler.
Göçme manyda Ýalap geçmek, awatmak.
Demirgazykdan ösýän çapgyn şemal garrynyň ýüzün çirtip geçýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
seret gül
Kiçijik guşlary tutmak üçin ýörite edilýän hepbigiň bir görnüşi.
Okadýan oglanlarynyň birine çirtmek, birine hem hepbik ýasap berýän eken. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)