çikjermek işlik

  1. Biriniň üstüne haýbat atmak.

    • Hamala diýersiň, men ondan gorkýan ýaly, gözjagazlaryny alardyp, meniň üstüme çikjeren bolýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Suwumsyzlyk edip, öňe düşmek, hondan bärsi bolmak, gopbamsyramak.

    • Ol çikjerip, görünmesiz ýerde görünýär.