çig

[çi:g]

  1. Ýeterlik gowrulmadyk, ýeterlik gaýnadylmadyk, bişmedik (et we ş. m. hakynda).

    • Naharyň eti çig eken.

  2. Bişip ýetişmedik, gök (gök önüm, miwe hakynda).

    • Şu garpyzlaryň ýekeje çigi hem ýokdur.

  3. Gutarnykly bolmadyk, taýýar däl, doly işlenmedik (önüm, mal hakynda).

    • Senagatymyza çig mallar berýaris. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

    • Daşýar çig maly ol senagata, Hem senagat malyn çekýär ilata. (N. Pomma, Saýlanan eserler)