çişmek işlik

[çi:şmek]

  1. Çiş emele gelmek, ýellenip gabarmak, pökgermek, gübermek.

    • Tatýana çaý guýup, Güllere garap, diýdi: -- Ýüzüň çişip nähili boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Galdyryp bilemzok agyran bili, Daş aslan ýalydy çişen gabaklar. (Ş. Borjakow, Kapsi Kenarynda)

  2. Ýel almak, ýel bilen dolmak.

    • Pökgi ýel berlenden soň çişdi.

  3. Göçme manyda Biriniň üstüne haýbat atmak, gyzarylmak, gaharlanmak, herrelmek.

    • Meniň üstüme çişmäni hem başarýardyň. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ussa gyzyl öküz ýaly çişip, tamynyň agzyndan girdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  4. Göçme manyda Hondan bärsi bolmak, gopbamsy bolmak, güplemek.

    • Donuny ýasgynjak atyp, döşüni ýelä tutup, çişmän-ä oňarjak eken. (A. Gowşudow, Eserler)

    • Getirlende ilki, gelniň ýanyna gaty çişip, sygman geler donuna. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

hum ýaly çişmek

Çaknadaşa gaharlanmak, çakdanaşa gaharlanyp gyzarmak.