çişirmek işlik

[çi:şirmek]

  1. Çiş emele getirmek, pökgertmek, gübertmek.

    • Emma alkymyň aşagyny çişirip, özüňi hondan bärsi tutýarsyň. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

    • Azdyryp ýarany çişirmek.

  2. Ýel berip gabartmak, içine ýel doldurmak.

    • Oglanlar pökgüni çişirdiler.

  3. Göçme manyda Bolşundan hem uly edip görkezmek, ulaltmak.

    • Ol käbir faktlary çişirip, käýerlerini toslap tapyp, özüniň janypkeşligini subut etjek bolup çalyşýardy. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  4. Göçme manyda Haýbat atdyrmak, gaharlandyrmak.

    • Hekim ýaly ganhorlary üstümize çişirmek gerek däl. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýüregini çişirmek

seret ýürek1

  • Mugallyma onuň ýanyndan ýüregini çişirip, öz ýoluna düşdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)