[çi:ş]
Beden dokumalarynyň şikes ýetmek zerarly ýellenmegi, agyryly dömme.
Onuň boýnunyň ýüzünde uly bolmadyk çiş bar. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Onuň endamyna çiş ýöräp ugrady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Onuň goltugynyň çişi hetden aşdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
[çi:ş]
Ujy ýiti gural (taýak, demir we ş. m.).
Bir ýere barýançaň, agar süýegiň, Bikär durmaz eliň bilen aýagyň, Peýdasy ýok çiş bolmasa taýagyň, seňki-de bir şum owkatdyr eşekli. (Durdy Gylyç, Goşgular)
Elindäki demir çişi bilen deriniň her ýerinden deşişdirdi. (Myraly)
Çişlik bişirilýän sim, çybyk.
Ne çiş köýsün, ne kebap. (nakyl)
Jorap we ş. m. örer ýaly sim.
Jorap örmek üçin çiş etmek.
seret göz
Çöp germelip, çiş kakyldy gözüne, uzak gije gelmedi oň ukusy. (B. Kerbabaýew, Aýlar)