çet

  1. Bir tarap, gyra.

    • Ata ýygnakda bir çetde oturdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Bir zadyň bir gyrasy, ujy.

    • Gurt gartyň ýassygynyň aşagynda petdelenip ýatan puluň bir çeti görünýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Daşary, keseki.

çeti gyzmak

seret gyzmak

  • Atanyň gahary gelip, çeti gyzsa-da sesini çykarman, bialaç dymýardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

çetine degmek

Kem çiligini görkezip, degerli-degerli sözler aýdyp, gaharyny getirmek, namysyna degmek.

  • Meň onuň bir çetine degeýin!

çetine kakmak

Gürleşip nähili pikirdedigini biljek bolmak.

  • Şoňa görä ol sazandanyň çetine kakýardy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • çetde
  • çetdedi
  • çetden
  • çetdäki
  • çetdäkiler
  • çete
  • çetem
  • çeti
  • çetidir
  • çetime
  • çetimidir
  • çetimize
  • çetin
  • çetinde
  • çetindedi
  • çetinden
  • çetindäki
  • çetine
  • çetini
  • çetiniň
  • çetiňe
  • çetlerde
  • çetlerden
  • çetleri
  • çetlerinde
  • çetlerinden
  • çetlerindäki
  • çetlerine
  • çetlerini
  • çetleriniň
  • çetleriň
  • çetligine
  • çetlik