çeper

  1. Öz işine ökde, bir işi nepis ýerine ýetirýän, ussat.

    • Her hili çeper adamlar bar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Lap etdigiň däldir, bir ajap ýerdir, obamyzyň gelin-gyzy çeperdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ökdelik bilen edilen, ussatlyk bilen gowy edilen, örän oňat, nepis.

    • Çeper edilen iş çeper salnan nagyş.

  3. Sungat işine degişli bolan.

  4. Hakykaty obrazly beýan edýän, obrazly, täsirli.

    • Ol çeper edebiýat kitaplary-da okamagy söýýän adamdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Çeper sözleri çöpläp, näzik saýraýar dilim. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

    • Aýratyn hem şahyrçylyk talantyna eýe bolan käbir eneler köp sanly çeper hüwdüler döredipdirler. («Edebiýat»)