çep

  1. Sagyň garşylyk tarapy, bedeniň ýürek ýerleşen tarapy, sol.

    • Ol gaýyş sumkasyny çep eline aldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Aman aga içi sowgatly horjunyny ýene çep omzuna atdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Dost däl, duşman, ýagy.

    • Olar biri-birleri bilen çep bolupdyr.


Duş gelýän formalary
  • çepde
  • çepden
  • çepdigini
  • çepdäki
  • çepe
  • çepem
  • çepi
  • çepime
  • çepinde
  • çepinden
  • çepindäki
  • çepine
  • çepini
  • çepiň
  • çepiňde
  • çepiňe
  • çepleýin
  • çepli
  • çepmi