çemen

  1. Her dürli gülli otlar gögeren ýer.

    • Görünmedi özge janly-jemende, Guşlar saýramaýar gülde çemende. (Çary Aşyr, Poemalar)

  2. Baglanan gül dessesi.

    • Gadam elini uzadyp, ýuwaşlyk bilen çemeni alýar. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)

    • Çykdy ol gyz golda çemen gül bilen. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • çemende
  • çemendikler
  • çemeni
  • çemeninde
  • çemenine
  • çemenini
  • çemeniniň
  • çemeniňi
  • çemenler
  • çemenlere
  • çemenleri
  • çemenlerinde
  • çemenlerinden
  • çemenlerini
  • çemenli
  • çemenligi
  • çemenligini
  • çemenliginiň
  • çemenligiň
  • çemenlik
  • çemenlikde
  • çemenmi
  • çemensiz