çemeli sypat

  1. Oňaýly, amatly.

    • Hoşgeldi şol agaçlardan bir gujagyny dolduryp getirdi-de, çemeli ýerde goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Megerem, gerek, ähtimal.

    • Kän ýyllap elden-ele geçip okalan bolara çemeli. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Sygyr dogrudan-da gaty suwsan bolara çemeli. (G. Gurbansähedow, Enesiniň ýumuşlary)

  3. Takmyn, töwereginde.