çem

Ýagdaý, pursat, maý.

  • Hälki gallaç alyp uludan demin, Ahmal, galman, bildi, geplejek çemin. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

  • Diýdi Ýagmyr oňa gelende çemi: -- Işli barýaňyzmy, gezelenjemi? ! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

çem gelen

Her bir duş gelen, gabat gelen.

  • Tapan ýumşun buýurdy, Her ýeten, her çem gelen. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

çemine salmak

Ýagdaýyny, wagtyny tapyp, işiňi ýola goýmak, pursat tapyp ele almak.

çemini tapmak

Ugruny tapmak, ýagdaýyny tapmak.

  • Öýlerine baraýsam, tapyp çemini ogrynça suratym goýýan-diýenmiş. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Çemini tapyp gürrüň etmek.