çelpek

Hamyrdan ýukajyk ýaýylyp, ýagda bişirilýän gatlakla meňzeş iýmit.

  • Akjemalyň çelpegini ýapmaga barýarmyň?! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Oturyp hamyrdan çelpek ýaýýarlar, Bir ýandan bişirip, bir laý doýarlar. (B. Kerbabaýew, Poemalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çelpek - çelpegi.

çelpek syrmak

Gazanda bişip duran çelpegi, toý däbine görä el urup alyp gaçmak.