çekinmek1 işlik

  1. Ýygralyk etmek, utanmak, uýalmak, utanjyramak.

    • Baş üstüne, keýigim, näme işiň bolsa, çekinme-de buýruber! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Sen bizden çekinme-de, Aýt halyň-ahwalyň. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Ätiýaç etmek, heder etmek, birneme gorkmak.

    • Emma ol bu hakda Atageldi aga aýtmakdan çekindi. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)

çekinmek2 işlik

Özüň üçin çekmek.

  • Bugdaý çekinmek.

  • Ýüpek çekinmek.