Dartylmak, çekdirilmek.
Tamdyranyň kirşi çekildi.
Bir zat bir ýerden ikinji ýere eltilmek, äkidilmek, süýşürilmek, daşalmak.
Köçäniň daşlary çekildi.
Ýandak küdeleriniň hemmesi çekildi.
Üç kilo üzüm çekildi.
Agyryly dişler çekilip aýrylýar.
Geçirilmek, salnyp eltilmek.
Şäherden zawoda çenli tramwaý ýollary çekildi. («Mydam taýýar» gazeti)
Içiňe sorulmak (çilim we ş. m. hakda).
Dynuwsyz çekilen mahorka tütüni wagonyň içinde ysgynsyz tüweleý ýaly aýlanýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
El bilen süýlüp alynmak süýülmek (ýüpek hakda).
Ýüpek çekilip gutaryldy.
Syratmak, tikilmek (ýorgan hakynda).
Täze ýorgan çekilipdir.
Ýapylmak, baglanmak.
Pola gök mawut çekilipdir, haly bary ýazylypdyr. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)
Yza gitmek, gaýra süýşmek, serpikmek.
Tiz boluň çekileliň! («Türkmen pýesalary»)
Akmagy togtamak, azalmak, peselmek.
Guýynyň suwy çekilipdir.
Degirmene getirilen däneler çekildi.
Bir zadyň şekili kagyz ýüzüne geçirilmek.
Göçme manyda Horlanmak, inçelmek.
Onuň eti çekilen çekgeleriniň üstünden almaz ýaly ýaş damjalary biygtyýar damjalaýardy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)