çekişmek işlik

  1. Çekmäge kömekleşmek, ölçeşmek.

    • Satyja un çekişmek.

  2. Dartyşmak, süýreşmek.

    • Düýn oglanlar keçe çekişdiler.

    • Guýudan suw çekmek.

  3. Diskussiýa alyp barmak, dawa etmek, jedelleşmek, dawalaşmak.

  4. Bir zady bir ýerden ikinji bir ýer äkitmäge, daşamaga kömekleşmek.

    • Gawun çekişmek.

  5. Syraşmak, tikişmek.

    • Ýorgan çekişmek.

  6. Köp bolup çekip oturmak (çilim we ş. m. hakda).

    • Çilim çekişip oturmak.

  7. El bilen süýüp ýüpek alyşmak, süýüşmek (ýüpek hakda).

    • Ýüpek çekişmek.

  8. Üweşmek.

    • Degirmende däne çekişmek.