çekiç at

Bir zadyň üstünden urmak, çüý we ş. m. kakmak üçin hyzmat edýän, agaç saply dürli görnüşde ýasalýan ussa guraly.

  • Ussa çekiç bilen kätmeniň sapyny kakyp çykardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çekiç - çekiji.


Duş gelýän formalary
  • çekije
  • çekiji
  • çekijidi
  • çekijidir
  • çekijine
  • çekijini
  • çekijiniň
  • çekijiň
  • çekiçde
  • çekiçdir
  • çekiçler
  • çekiçlerde
  • çekiçlere
  • çekiçleri
  • çekiçleriniň
  • çekiçli