çeýnemek işlik

  1. Agza salyp bölek-bölek etmek, owratmak, ownutmak.

    • Atlar bol samany nebsewürlik bilen çeýnediler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Göçme manyda Mazaly degmek, aýtjagyny aýdyp horlamak.

    • Naçalnigini näçe çeýnäsi gelse-de, ebeteýini tapman kanagatlandy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • çeýnedi
  • çeýnedi-de
  • çeýnediler
  • çeýnejek
  • çeýnejekdi
  • çeýnem
  • çeýnemedimi
  • çeýnemegi
  • çeýnemegine
  • çeýnemegiň
  • çeýnemek
  • çeýnemeklik
  • çeýnemeli
  • çeýnemesini
  • çeýnemez
  • çeýnemeýärdi
  • çeýnemäge
  • çeýnemän
  • çeýnemäni
  • çeýnesinler
  • çeýneýän
  • çeýneýändigini
  • çeýneýär
  • çeýneýärdi
  • çeýneýärler
  • çeýnän
  • çeýnände
  • çeýnänim
  • çeýnänini
  • çeýnäniň
  • çeýnäp
  • çeýnäpdi
  • çeýnäpdir
  • çeýnäpdirler
  • çeýnäpmi
  • çeýnär
  • çeýnärdi
  • çeýnärdim
  • çeýnärsiň
  • çeýnärsiňiz
  • çeýnäsi
  • çeýnäsim
  • çeýnäýin
  • çeýnäýjek
  • çeýnäýsem