çeýe sypat

  1. Süýnüp girip duran, ýazylyp-büzülip bilýän, eplense-de döwülmeýän, maýyşgak.

    • Uzyn çeýe şahalary aşak eglip sallanyşyp ýatyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  2. Göçme manyda Başarjaňlyk bilen hötdesinden gelip bilýän, başarnykly, berk.

    • Hatarda duranlaryň hemmesiniň edil şu gyz ýaly sagdyn, çeýe, ukyply bolasy gelýärdi. (B. Seýtäkow, Döwürdeşler)


Duş gelýän formalary
  • çeýedi
  • çeýedir
  • çeýedirler
  • çeýeje
  • çeýelige
  • çeýeligi
  • çeýeligidir
  • çeýeligine
  • çeýeligini
  • çeýeliginiň
  • çeýeligiň
  • çeýelik
  • çeýelikden
  • çeýeräk