çatylmak işlik

  1. Depjelmek, tikilmek.

    • Köýnegiň ýyrtygy gowy çatylmandyr.

  2. Ýüpüň, tanapyň, sapagyň we ş. m. ujy biri-birine berkidilmek, daňylmak.

    • Ýüpler biri-birine çatylypdyr.

  3. Iki ýa-da köp zatlar baglanmak, seplemek.

    • Goýunlaryň iki-ikiden başy çatylypdyr.

  4. Göçme manyda Är-heleý edilip duşurylmak.

    • Eje jan, gyzlaryň satylýan, bolar-bolmaz birine ýeňsesinden çatylýan zamany bir eýýäm ötdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Ömür söwdasynda köpi utulyp, Gan aglaýar garry-goja çatylyp. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

  5. Birikmek, üýşmek, goşulyşmak.

başy çatylmak

seret baş1

  • Iki adamyň başynyň çatylan ýerinde edilýän gürrüň şoldy. (A. Gowşudow, Eserler)

  • Olaryň başy çatylan bolsa, biri-birinden aýrylmaz.