çapyşyk 1

Sport termini At çapylyp geçirilýän ýaryş.

  • Ýene-de sanlyja minutdan at çapyşygy başlanjak. (B. Pürliýew, Ikinji gün)

  • Laçyny Aşgabada çapyşyga äkitmäge häzirleýärdiler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çapyşyk - çapyşygy.

çapyşyk 2

Uruş, gyrlyşyk.

  • Şu mahal atyşyk, çapyşykda, jan alyp, jan berilýän günlerde duýup galdym. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem çapyşyk - çapyşygy.


Duş gelýän formalary
  • çapyşyga
  • çapyşygam
  • çapyşygy
  • çapyşygydy
  • çapyşygyna
  • çapyşygynda
  • çapyşygyndan
  • çapyşygyny
  • çapyşygynyň
  • çapyşygyň
  • çapyşykda
  • çapyşykdan
  • çapyşyklar
  • çapyşyklarda
  • çapyşyklary
  • çapyşyklaryna
  • çapyşyklarynda
  • çapyşyklarynyň
  • çapyşyklaryň