çapmak1 işlik

Aýak aldygyna ýüwürmek, ylgamak.

çapmak2 işlik

  1. Ýiti ýarag bilen kesmek, bölek-bölek etmek, böleklemek, kerçemek.

    • Kakasy tokaýda agaç çapýar. («Mydam Taýýar» gazeti)

    • Men indi at üstünde çybyk çapmakda-da pes däldirin. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Göçme manyda Basyp almak, talamak.

    • Gurt şu jenaýaty eden wagtynda garry enesiniň hekaýalarynda öz ýurduny çapýan dönükler hakynda eden gürrüňleri-de ýadyna düşmedi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  3. Göçme manyda Öldürmek, kesmek.

    • Ol gaharynyň oduny öçürmek üçin hökman bigünä Wepany çapjakdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

zeleline çapmak

seret zelel

  • Ol hem öz zeleline çapyp ýören samsyk däl. («Tokmak» žurnaly)