[ça:nak]
Agaçdan oýulyp ýasalan, nahar iýilýän gap, kiçiräk kersen.
Bir çanak goýultmagy Annagulynyň öňüne äberdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Çanak döwügi seýik tutar, ýürek döwügi-tutmaz. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem çanak - çanagy.
seret beýni
Onuň beýni çanagynyň göwrümi adamyňkydan kiçi bolupdyr. («Mydam Taýýar» gazeti)