çaman

  1. Ýyndam däl, ýüwrük bolmadyk, haýal gidýän ýaramaz çapýan (at, eşek hakda).

    • Dogrusy, göz öňüme çaman eşekli şerçi düşdi. (N. Saryhananow, Saýlanan eserler)

    • Çaman ördek ir uçar. (nakyl)

    • Çaman-da bolsa, üsti amanja. (nakyl)

    • Çaman at.

  2. Göçme manyda Çalasyn hereket edip bilmeýän, dogumly däl, dogumsyz gowşak.

    • Dogry, Welä bizem ýaman diýjek däl, hat-sowatsyz ýa-da çaman diýjek däl. (N. Pomma, Goşgular)