çalynmak işlik

  1. Saz guraly bilen, heň ýerine ýetirilmek, saz edilmek.

    • Agşam ol obada saz çalyndy.

  2. Çalyp ýiteldilmek.

    • Päki çalyndy.

  3. Urulmak, kakylmak.

    • Bir gezek çalnanyň bilen hiç zat bolmaz.

  4. Suwuklyk bilen örtülmek, sürtülmek, suwalmak.

    • Taranyň aýagyndaky lak çalnan tuflisi Myrady geň galdyrdy. («Tokmak» žurnaly)

  5. Bogazy kesilmek, damagy kesilmek, kellesi aýrylmak.

    • Goýnun damagy çalyndy.

  6. Göçme manyda Urunmak, çabalanmak.

    • Çalnyp ýatmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem çalynmak - çalnar, çalnypdyr.