[ça:alymtyk]
Çalaryp görünýän, kül reňkine meňzeşräk bolan.
Asmanyň çalymtyk goýry buludy torgaýlap ýagdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol çalymtyk goňras murtuna timar berdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem çalymtyk - çalymtygy.