çalmak çal‧mak işlik

  1. Çalgy daşyna süýkäp ýiteltmek.

    • Ussa asylgy duran gaýşa bir-iki gezek päkisini çaldy.

  2. Saz etmek, saz guralynda bir heňi ýerine ýetirmek.

    • Jigitler saz çalyp, aýdym aýdýardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýetginjek sazandarlar dutarlaryny sazlap çalmaga başladylar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Urmak, kakmak.

    • Annaguly ýabynyň gapdalyna ýüp bilen çalanyny özi-de duýman galdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Men hem, elbetde, ony çalasym ýok weli, ýöne, Aýgül, ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmaz. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  4. Suwuklyk bilen üstüni örtmek, sürtmek.

  5. Bogazyny kesmek, damagyny kesip, kellesini aýyrmak.

    • Ýeri indi bu näme gerek, näme Kelje ol ýerde munuň bilen güýlüngi goýnuň damagyny çalar öýdýärmiň?! -diýdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  6. Ildirip berkitmek, düwmek, daňmak, oramak.

    • Alnyna täzeje ýaşyl seçeklini bir çalyp, Altyn gyz gelýärdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

agzyna çalmak

seret agyz

  • Süýdüň içine çörek owuntyjaklaryny gardy-da, güjükleriň agzyna çalyp başlady. («Mydam Taýýar» gazeti)

arkasyny çalmak

Arkasyny tutmak, biriniň tarapyny tutmak.

çapak çalmak

seret çapak 1

diş çalmak

seret diş

  • Annaguly gözüni açman: -- Hümm... bolýa-bolýa! -- diýip, dişini bir-iki ýola çalan boldy-da, beýlesine agdarylyp ýatdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

döw çalmak

seret döw 2

  • Neme jan, bugün saňa ne döw çaldy?! («Pioner» žurnaly)

gelen yzyňy ýel çalmaka!

Köp wagt geçmänkä, tiz wagtyň içinde, çalt.

  • Puluňy ýygna-da, gülberiňi göterip, gelen yzyňy ýel çalmanka gaýt! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

kirpigiňi çalmazlyk

Hiç ýatmazlyk, uklamazlyk, irkilmezlik.

  • Gijesine kirpikli garagyny çalmazlygyna höküm edipdir. (Myraly)

yz çalmak

seret yz

  • Şeýle çaldym işe gaýdan yzyny. (N. Pomma, Goşgular)

ýel çalmak

seret ýel

  • Ýel çalsa ölenler gulaç saçlaryň, Ýylgyrsaň ýalpyldar sadap dişleriň. (A. Kowusow, Ilkinji Söýgi)

ýüzüni ýere çalmak

seret ýüz 1

  • Şirin biziň ýüzümizi ýere çalyp çykyp gidipdir. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • çalam
  • çalamok
  • çalan
  • çalanda
  • çalandan
  • çalandygy
  • çalandygyny
  • çalanlary
  • çalanlarymda
  • çalanlaryna
  • çalanlarynda
  • çalanlaryndan
  • çalanlaryny
  • çalanlarynyň
  • çalanlaryňa
  • çalanok
  • çalansoň
  • çalany
  • çalanym
  • çalanyna
  • çalanyny
  • çalanyň
  • çalanyňy
  • çalar
  • çalarda
  • çalardy
  • çalardyk
  • çalardym
  • çalardyňyz
  • çalarlar
  • çalarsyň
  • çalary
  • çalaryn
  • çalaryny
  • çalarys
  • çalasy
  • çalasym
  • çalaý
  • çalaýan
  • çalaýjak
  • çalaýmakdan
  • çalaýsak
  • çalaýsam
  • çalaýsaňyz
  • çalaýyn
  • çalaýynmy
  • çaldy
  • çaldy-da
  • çaldygy
  • çaldygyça
  • çaldylar
  • çaldym
  • çaldym-da
  • çaldymy
  • çaldyr
  • çaldyň
  • çaldyňyz
  • çalgyn
  • çaljagydy
  • çaljagyny
  • çaljak
  • çaljakdygyny
  • çaljakmy
  • çalma
  • çalmady
  • çalmadyk
  • çalmadym
  • çalmaga
  • çalmagam
  • çalmagy
  • çalmagyny
  • çalmagyň
  • çalmagyňy
  • çalmajakdygyny
  • çalmak
  • çalmakda
  • çalmakdan
  • çalmakdy
  • çalmaklary
  • çalmaklygy
  • çalmaklyk
  • çalmakmy
  • çalmakçy
  • çalmalar
  • çalmalaryň
  • çalmaly
  • çalman
  • çalmandy
  • çalmany
  • çalmaryn
  • çalmasaňam
  • çalmasyn
  • çalmasyny
  • çalmaz
  • çalmazdan
  • çalmazdy
  • çalmazlygyna
  • çalmaýar
  • çalsa
  • çalsa-da
  • çalsalar
  • çalsalaram
  • çalsana
  • çalsaň
  • çalsaň-da
  • çalsaňam
  • çalsyn
  • çalybam
  • çalyp
  • çalypdy
  • çalypdym
  • çalypdyr
  • çalypdyrlar
  • çalyň
  • çalýan
  • çalýana
  • çalýandygyny
  • çalýandyr
  • çalýandyrlar
  • çalýanlar
  • çalýanlaryň
  • çalýanlygyny
  • çalýany
  • çalýanyna
  • çalýanyny
  • çalýanyň
  • çalýança
  • çalýar
  • çalýardy
  • çalýardylar
  • çalýardyň
  • çalýarlar
  • çalýarmy
  • çalýarmyka
  • çalýarsyň
  • çalýaryn