Çalarak peltekleýän, sakynybrak gepleýän.
Ol ýigidiň dili çalgyrt ekeni.
Ikinji bir dile ýa-da dialekte kakdyrybrak gepleýän.
Dili çalgyrt çykýar onuň, Rus bolaýsa gerek özi. (Çary Aşyr, Poemalar)
Ýagty babaý! -- diýip, Iwanow başdan çalgyrt dilde türkmençeläp gürledi. (N. Pomma, Goşgular)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem çalgyrt - çalgyrdy.