çalgy1

Egri gylyja meňzeş uzyn saply ot ýatyrylýan oba hojalyk guraly.

  • Kazaklaryň ençemesi çalgy çalyp, orak orup boldular. (N. W. Gogol, Eserler)

çalgy daş

seret daş3

  • Orazgeldi öýe girdi-de, pyçagyny alyp çykdy hem gapyda ýatan çalgy daşyna çalmaga başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

çalgy2

Dialektal söz seret çalkama

  • Çalgy bişirmek.