çaldyrmak işlik

  1. Çalgy daşyna çalyp ýiteltdirmek, çalyp ýiti etdirmek.

    • Pyçak çaldyrmak.

  2. Saz guralynda bir heňi ýerine ýetirtmek, saz etdirmek.

    • Dutar çaldyrmak.

  3. Urdurmak, kakdyrmak.

    • Ýeňsäňe çaldyrmak.

  4. Suwuklyk bilen bir zadyň üstüni örtdürmek, reňkletmek.

    • Gyzyl reňk çaldyrmak.

  5. Bogazyny, damagyny kesdirmek.

    • Goýnuň damagyny çaldyrmak.

jähek çaldyrmak

seret jähek

  • Men Maýa jähek çaldyrdym.

ýel çaldyrmak

  1. Howa dakdyrmak, howa çaldyrmak, şemal çaldyrmak, howasyny arassalatdyrmak.

    • Ete ýel çaldyrmak.

  2. Sowukdan keselletmek, sowuklatmak.

    • Çaga ýel çaldyrypdyrlar.